Sepleriň elýeterliligi

Moskwada müňlerçe adam jaýlarynyň ýykylmagyna garşy protest bildirdi


Protestciler

Moskwada 14-nji maýda müňlerçe adam sowet döwründe gurlan jaý bloklaryny ýykmak teklibine garşy proteste çykdy.

Moskwanyň rus prezidenti Wladimir Putin tarapyndan goldanylýan häkimi Sergeý Sobýanin 1950-nji we 60-njy ýyllarda jaýsyzlyk meselesini ýeňletmek üçin gurlan jaýlaryň bir toparyny ýykmagy planlaşdyrýar.

Protestçiler Sobýanine garşy şygarlary göterip cykdylar, olaryň plakatlarynda “men Sobýanini ýykmagy goldaýaryn”, “Meniň emlägimden eliňi çek”, “Moskwa aýrybaşga patyşalyk däl, Sergeý Sobýanini, federal kanunlary syla” diýen ýazgylar bar.

Moskwa häkimiýetleri bu proteste 5 müňden kän adam ýygnanmazlyk şerti bilen rugsat berdiler.

XS
SM
MD
LG