Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan, Germaniýa söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesini maslahat etdiler


Halkara sergisi, Aşgabat
Halkara sergisi, Aşgabat

Aşgabatda Türkmenistanyň we Germaniýanyň özara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy maslahat edildi.

Türkmenistanyň we Germaniýanyň hökümetara komissiýasynyň 12-nji maýda geçiren maslahatynda ýangyç-energiýa we transport pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada ylalaşandygy habar berilýär.

Maslahat edilen meseleleriň oba hojalygy, bilim, ylym, medeniýet, saglygy saklaýyş we syýahatçylyk ýaly pudaklara degişli bolandygy aýdylýar.

Şeýle-de, resmi maglumatlara görä, Germaniýanyň oba hojalyk tehnikasynyň Türkmenistana eksport edilmegi we german kompaniýalarynyň Türkmenistanda tehniki üpjünçilik bazasynyň döredilmegi, inžener-tehniki kadrlary döretmek ýaly meseleler ara alnyp maslahat edilipdir.

Germaniýanyň iri kompaniýalarynyň ençemesi, şol sanda “Siemens” Türkmenistanyň hökümeti bilen baglaşan uzak möhletleýin şertnamalary esasynda ýurtda millionlarça dollarlyk proýektlere gatnaşýarlar.

XS
SM
MD
LG