Sepleriň elýeterliligi

Hindistan öz harby deňizçisiniň Pakistanda jezalandyrylmazlygyny sorap halkara suduna ýüzlendi


Metbugat konferensiýasynda Pakistan tarapyndan içalyçylykda aýyplanan hindistanly Kulbhushan Jadhawyň widosy görkezilýär, Yslamabat, 29-njy mart, 2016.

Hindistan Halkara Adalat suduna (ICJ) ýüz tutup, Pakistandan içalyçylykda aýyplanan pensiýadaky hindi harby deňizçi ofiserini ölüm jezasyna höküm etmekden el çekmegi talap etdi.

Hindistanyň daşary işler ministrliginiň resmisi Deepak Mittal Kulbhushan Jadhawa Pakistanyň harby sudunyň adalatsyz kararynyň netijesinde geçen aýda ölüm jezasy hakynda höküm çykarylandygyny 15-nji maýda Gaaganyň sudunda aýtdy.

Mittal bu iş barada maglumat bermegi sorap Hindistanyň eden talabyna Pakistanyň jogap bermekden ýüz öwrendigini aýtdy.

Jadhawyň tussag edilmegi ýadro ýaragyna eýe bolan bu iki ýurduň arasyndaky dartgynlylygy güýçlendirdi.

Pakistanyň resmileri Jadhawyň 2016-njy ýylda Baloçistan regionynda tussag edilendigini aýdýarlar.

Hindistan Jadhawyň içalydygyny ret edýär.

Nýu Dehli halkara suduny bu işiň aýlara, ýa-da ýyllara çekmegine garamazdan, Jadhawa çykarylan ölüm jezasyny ýerine ýetirilmezlik hakynda Yslamabada görkezme bermegi soraýar.

XS
SM
MD
LG