Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan: Kärdeşler arkalaşygynyň lideri Eleusinow iki ýyl türmä höküm edildi


Gazagystanyň Nebit gurluşyk kompaniýasynyň kärdeşler arkalaşygynyň lideri Amin Eleusinow, Astana, 14-nji aprel, 2017.
Gazagystanyň Nebit gurluşyk kompaniýasynyň kärdeşler arkalaşygynyň lideri Amin Eleusinow, Astana, 14-nji aprel, 2017.

Gazagystanyň sudy kärdeşler arkalaşygynyň lideri Amin Eleusinowy iki ýyllyk türme tussaglygyna höküm etdi.

Suduň 16-njy maýda çykaran kararyna görä, Nebit gurluşyk kompaniýasynyň kärdeşler arkalaşygynyň lideri wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda we döwlet resmisini köpçüligiň öňünde kemsitmekde, hüjüm etmekde we oňa boýun bolmakdan ýüz öwürmekde günälendi.

Eleusinow ýanwar aýynda ýüzlerçe adamyň kärdeşler arkalaşygynyň ýapylmagyna garşy çykyş edip, açlyk yglan etmeginiň yzýany tussag edilipdi.

Suduň bu aksiýany bikanun diýip yglan etmeginden soň protestçiler açlygyny bes edipdi.

Eleusinow bilen bilelikde tussag edilen aktiwist Nurbek Kuşakbaýew aprel aýynda 2 ýarym ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Ol bikanun proteste ündemekde aýyplandy.

“Amnesty International” Kuşakbaýewiň tussag edilmegini ýazgardy weony “Gazagystanda kärdeşler arkalaşyklarynyň garaşsyz hereketini dargatmagyň” bir bölegi diýip atlandyrdy.

XS
SM
MD
LG