Sepleriň elýeterliligi

Erdoganyň Trampa siriýaly gozgalaňçylara goldaw meselesinde basyş etmegine garaşylýar


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan (ç) we ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň 16-njy maýda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen duşuşygynda Waşingtonyň Siriýadaky kürt gozgalaňçylaryna ýarag bermekden saklanmagy üçin basyş etmegine garaşylýar. Ankara kürt gozgalaňçylaryny terrorçy hasap edýär.

Ak Tamda geçiriljek duşuşyk Siriýadaky uruş boýunça köptaraplaýyn halkara diplomatiýasynyň güýçlenen wagtyna gabat geldi. Türkiýe we ABŞ Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň hökümetine garşy göreşýän oppozision güýçleri goldaýarlar.

Emma Ankara we Waşington Siriýadaky konflikte degişli käbir meselelerde gapma-garşy pikirleri öňe sürýärler.

Şeýle-de Erdoganyň Ankaranyň geçen ýylyň iýul aýynda başa barmadyk harby agdarylyşyk synanyşygyny gurnamakda aýyplaýan ABŞ-da ýaşaýan dinçi Fethulla Güleni Türkiýä berilmegini talap etmegine garaşylýar.

Erdogan Tramp bilen duşuşygynyň ABŞ-nyň siriýaly kürtleri ýaraglandyrmak boýunça planlaryna degişli “aýgytly pursada” ýol açjagyna garaşýandygyny 12-nji maýda žurnalistlere aýtdy.

XS
SM
MD
LG