Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: Hüjümçiler döwlet telewideniýesiniň binasyna hüjüm etdiler


Owganystanyň gündogar şäheri Jalalabadda hüjümçiler döwlet telewideniýesiniň binasyna hüjüm etdiler Jalalabad, 17-nji maý, 2017

Owganystanyň gündogar şäheri Jalalabadda hüjümçiler döwlet telewideniýesiniň binasyna hüjüm etdiler we howpsuzlyk güýçleri bilen birnäçe sagatlyk söweşlere girişdiler.

17-nji maýda ýüze çykan bu zorlukda dört hüjümçiniň we iki raýatyň wepat bolandygyny ýerli resmiler we medisina işgärleri habar berdi. Söweş zerarly 13 adam ýaralanypdyr.

Nangarhar welaýatynyň häkiminiň metbugat-wekili Attaullah Hogyani hüjümçileriň Owganystanyň Radio-telewideniýesiniň binasyna girendigini, iki sany hüjümçiniň özlerini partladandygyny aýtdy.

Owganystanyň radio-telewideniýesiniň ençemesiniň çaknyşyň dowamynda binanyň içinde gabawda galandygy habar berildi.

Nangarhar welaýatynyň paýtagtyna edilen bu hüjümiň jogapkärçiligini hiç kim öz üstüne almady.

Pakistan bilen serhetdeş bu regionda “Talyban” we “Yslam döwleti” (YD) atly ekstremist toparyň ýaranlary aktiw hereket edýärler.

XS
SM
MD
LG