Sepleriň elýeterliligi

Makedoniýanyň prezidenti Sosial demokratik partiýanyň liderine hökümeti düzmäge ygtyýar berjegini aýtdy


Makedoniýanyň prezidenti Gjorge Iwanow

Makedoniýanyň prezidenti Gjorge Iwanow Sosial demokratik partiýanyň liderine hökümeti düzmäge ygtyýarnama berjekdigini aýdyp, bu Balkan ýurdunda birnäçe aý bäri dowam edýän syýasy petikden çykalga tapmak üçin potensial mümkinçilik açdy.

Iwanow 17 maýda geçiren duşuşygynda Zoran Zaewe resmi ygtyýarnama berdi.

Sosial demokratik partiýa we etniki albanlara wekilçilik edýän partiýalar dekabr aýynda geçirilen parlament saýlawlaryndan soň koalisiýany döretmek hakynda ylalaşdylar.

Emma ýurdy birnäçe ýyl bäri dolandyrýan we milletçi VMRO-DPMNE partiýasynyň ýarany bolan Iwanow Zaewe hökümeti düzmäge ygtyýarlyk bermekden ýüz öwrüpdi, emma, şol bir wagtda-da, eger Zaew konstitusiýa laýyklykda işlemegi we ýurduň garaşsyzlygyny berjaý etmegi wada berse barlyşyk etjekdigini aýdypdy.

XS
SM
MD
LG