Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda Aziada-2017 halkara sport çäresiniň belgileri ýerleşdirilen awtobuslar peýda boldy


Aşgabat

Türkmenistanyň paýtagtynyň köçelerinde Aziada-2017 halkara sport çäresiniň belgileri ýerleşdirilen awtobuslar peýda boldy.

Media maglumatlaryna görä, 30 çemesi “Hyundai” markaly “Aero City” kysymly bu awtobuslar Aziýa oýunlaryny geçirjek şäheriň 8, 9, 34, 37 we 42 nomerli marşrutlary boýunça hereket eder. Täze awtobuslaryň halkara kadalaryna gabat gelýändigi bellenýär.

17-27-nji sentýabr aralygynda Aşgabatda geçiriljek bäsdeşlige dünýäniň 60 çemesi ýurdunyň wekilleri gatnaşar we sportyň 21 görnüşi boýunça ýaryşar.

XS
SM
MD
LG