Sepleriň elýeterliligi

Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetleşýän welaýatynda Magtymgulynyň ýadygärligi açyldy


Arhiwden alnan surat.

Owganystan yslam respublikasynyň serhetýaka welaýatyndaky Akkine şäherçesinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň hormatyna özboluşly binagärlik görnüşdäki ýadygärligiň açylyş dabarasy boldy.

“Bu waka iki goňşy döwletiň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge hyzmat eder, olaryň halklary gadymdan gözbaş alýan doganlyk we ruhy ýakynlyk gatnaşyklary bilen bagly bolup, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däpleriniň mizemezliginiň aýdyň mysalyna öwrüldi” diýlip, Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habarynda bellenilýär.

Azatlyk Radiosynyň Owganystandaky habarçysy Şaýymerdanguly Myrady bu dabara gatnaşan Farýab welaýat geňeşiniň sekretary deputat Akmuhammet Nury bilen söhbetdeş boldy.

XS
SM
MD
LG