Sepleriň elýeterliligi

Harkiwde geýleriň, transgenderleriň hukuklaryny goraýan aktiwistlere hüjüm edildi


Harkiw şäheriniň merkezinde geýleriň we transgenderleriň hukuklaryny goraýan aktiwistleriň geçiren ýörişine hüjüm edildi

Ukrainanyň Harkiw şäherinde geçirilen kiçi ýörişde hüjümçiler geýleriň we transgenderleriň hukuklaryny goraýan aktiwistlere topulyp, älemgoşar reňkli baýdagy oda berdiler.

Kanun goraýjy resmileriň 18-nji maýda aýtmagyna görä, şäheriň merkezinde jemlenen 30 çemesi hüjümçini dargatmaga synanyşan polisiýanyň iki ofiseri ýaralanyp, keselhana düşüpdir.

17-nji maýda ýaýradylan wideoda görkezilen zorlukda gara geýimli ýaşlar aktiwistlere topuldylar we polisiýa bilen çaknyşdylar. Bir pursatda hüjümçiler lesbianlaryň, geýleriň, biseksuallaryň we transgenderleriň hukuklarynyň simwoly bolan köp reňkli baýdagy otladylar.

Harkiwiň polisiýasy hüjümçilerden dört adamyň tussag edilendigini we olaryň kanun goraýjylara garşy zorlugy tutaşdyrmak aýyplamasynyň esasynda işiň gozgaljagyny aýtdy.

Olar günäli tapylan ýagdaýynda bäş ýyl türme tussaglygyna höküm edilip bilnerler.

XS
SM
MD
LG