Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Trampyň Orsýet bilen gatnaşygyny derňemek üçin ýörite prokuror bellendi


Robert Mueller, fostul director FBI, procurorul special în ancheta legată de Rusia și alegerile prezidențiale americane
Robert Mueller, fostul director FBI, procurorul special în ancheta legată de Rusia și alegerile prezidențiale americane

ABŞ-nyň Adalat departamenti 17-nji maýda Federal derňew býurosynyň (FBI) öňki müdiri Robert Muelleri Orsýetiň we prezident Donald Trampyň 2016-njy ýylyň kampaniýasynyň arasyndaky mümkin dildüwüşik boýunça derňewleriň ýörite prokurory edip belledi.

Kongressde demokratlar we respublikanlar tarapyndan makullanan bu hereket geçen ýylyň noýabr aýynda prezidentlik saýlawlarynda Donald Trampyň demokratlaryň dalaşgäri Hillary Klintondan üstün çykmagyna Orsýetiň täsir ýetiren bolmagynyň ähtimaldygy hakyndaky çaklamalar boýunça garaşsyz derňew geçirmek talabynyň güýçlenen wagtyna gabat geldi.

ABŞ-nyň baş prokurorynyň orunbasary Rod Rosenstein ýörite prokurory bellemek kararynyň “jenaýatçylygyň bolandygyna we jeza beriljeginiň kepil geçiljegine” ynanýandygy üçin däl-de, “ýörite prokuroryň amerikan halkynyň derňewleriň netijesine doly ynanmagy üçin zerurdygyny” beledi.

Ýörite prokurora öz islegi boýunça wekil saýlap, Adalat departamentine we Ak Tama habar bermegi ýa-da geňeşmegi talap edilmezden derňew geçirmäge ygtyýar berilýär.

XS
SM
MD
LG