Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG söweşler zerarly 200 müň çemesi adamyň Mosuly terk etjegini çak edýär


Mosulyň ýaşaýjylary seweşleriň alnyp barylýan ýerini terk edýärler, 16-njy maý, 2017
Mosulyň ýaşaýjylary seweşleriň alnyp barylýan ýerini terk edýärler, 16-njy maý, 2017

BMG Mosulda söweşleriň güýçlenmeginiň netijesinde 200 müň çemesi adamyň şäheri terk etmeginiň ähtimaldygyny aýdýar.

“Häzirki wagtda göçýän adamlaryň sany örän köp, bu barha artýar we raýatlaryň zerur bolan kömegi we goragy almagyny kepil geçmek hem gitdigiçe kynlaşýar” diýip, BMG-niň ynsanperwer koordinatory Lise Grande 18-nji maýda aýtdy.

Yragyň harbylary Mosul şäherini “Yslam döwleti” (YD) atly ekstremist toparyň elinden almak boýunça oktýabr aýynda giň möçberli harby çäresine başlaly bäri, 700 müň çemesi adam şäheri eýýäm terk etdi.

ABŞ-nyň ýolabşçylygyndaky koalisiýanyň goldawyna daýanýan yrak güýçleri söweşijileri Mosuldan gysyp çykardylar, emma şäheriň ençeme günbatar etraby, şol sanda köne şäher YD toparynyň elinde galýar.

Mosul şäheri 2014-nji ýylyň tomsunda YD toparynyň eline geçipdi we söweşijileriniň Yrakdaky esasy galasyna öwrülipdi.

XS
SM
MD
LG