Sepleriň elýeterliligi

Eýranda prezidentlik saýlawlary geçirilýär


Eýranda prezidentlik saýlawlary geçirilýär, Tähran, 19-njy maý, 2017

19-njy maýda dört dalaşgäriň gatnaşmagynda geçiriljek ses berişlik ýurduň Günbatar bilen ykdysady we diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak boýunça tagallalaryny güýçlendirip biler ýa-da hökümetiň ähli gatlaklarynda berk liniýaly ýolbaşçylaryň täsirini artmagyna getirer.

Häkimiýet başyndaky aram prezident Hassan Rohani we konserwatiw öňki prokuror Ebrahim Raisi dini ýolbaşçylaryň täsiri astyndaky 81 million ilatly ýurduň prezidentlik saýlawlarynda öňde baryjy dalaşgärler hasaplanýarlar.

Rohani Eýrana garşy halkara sanskiýalaryny gowşatmak üçin dünýäniň täsirli ýurtlary bilen ýadro ylalaşygyny baglaşypdy we Günbatar bilen gatnaşyk etmegi hem eýranlylara has köp azatlyk bermegi wada beripdi.

56 ýaşly Raisiniň ýurduň baş lideri Aýatolla Ali Hameneýiniň ynamyna daýanýandygy habar berilýär.

XS
SM
MD
LG