Sepleriň elýeterliligi

WikiLeaksyň esaslandyryjysy Assanja garşy öňe sürlen zorlamak aýyplamasy ýatyryldy


WikiLeaksyň esaslandyryjysy Julian Assanj

Şwesiýanyň prokurorlary WikiLeaksyň esaslandyryjysy Julian Assanj garşy zorlamak aýyplamasynyň esasynda gozgalan işi ýatyrýandygyny aýtdylar.

Şwesiýanyň döwlet prokuraturasynyň müdiri Marianne Ny “deslapky derňewleri ýatyrmagy” karar etdi diýip, Şwesiýanyň prokuraturasynyň häkimiýetleri 19-njy maýda habar berdiler.

45 ýaşly Assanj 2012-nji ýyldan bäri Ekwadoryň Londondaky ilçihanasynda ýaşaýar.

WikiLeaksyň esaslandyryjysy zorlamak bilen bagly özüne garşy ýöňkelýän aýyplamalary ret edip gelýär. Ol özüniň Şwesiýa tarapyndan Birleşen Ştatlara berilmeginden howatyrlanýar. ABŞ-da Assanja ýurduň ýüzlerçe müň harby we diplomatik dokumentlerini paş etmegi sebäpli sud edilmegi mümkin.

Şwesiýanyň prokurorlarynyň karary Assanjyň aklawçylarynyň ony tussag etmek hakyndaky Ýewropanyň talabyny ýatyrmak boýunça şikaýatyna Şwesiýanyň sudunda seredilmeginiň öňýanyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG