Sepleriň elýeterliligi

Owgan polisiýa işgäri bäş kärdeşini oka tutdy


Döwlet telewideniýesiniň hüjüme sezewar edilen binasy, Jalalabad, 17-nji maý, 2017.

Owganystanyň polisiýa ofiseleri Nangarhar welaýatynda özüniň bäş kärdeşini atyp ölürdi diýip, ýerli resmileri habar berdiler.

Ghani Khel etrabynyň häkimi Abdul Wahab Momand polisiýa işgäriniň öz kärdeşlerini 18-nji maýda olaryň uklap ýatan wagtynda tüpeňländigini aýtdy. Ol Nasratullah diýip adyny tutan hüjümçiniň öz pidalarynyň ýaraglaryny alyp gidendigini habar berdi.

Hüjümiň jogapkärçiligini hiç bir topar dessine öz üstüne almady. Nangarhar welaýatynda “Talyban” we “Yslam döwleti” (YD) atly toparlar aktiw hereket edýärler.

17-nji maýda dört hüjümçi welaýatyň paýtagty Jalalabadda döwlet telewideniýesiniň binasyna hüjüm etdi.

XS
SM
MD
LG