Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň paýtagtynda täjik medeniýetiniň günleri geçiriler


Milli lybasly täjik zenany

Aşgabatda täjik medeniýetiniň günleri geçiriler. Media maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň paýtagtynda 29-31-nji maý aralygynda geçiriljek medeni çärelere gatnaşmak üçin Täjigistanyň döredijilik işgärleriniň delegasiýasy şu aýyň aýagynda Aşgabada barar.

Medeni programmanyň çäginde konsertleriň we kino, surat, şekillendiriş sungatynyň we halk amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergileriniň geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygy aýdylýar.

Şeýle-de Täjigistanyň medeniýet işgärleri Türkmenistanyň medeniýet ministrliginde duşuşyk geçirip, iki ýurduň medeni-gumanitar ugrundaky aragatnaşyklaryny maslahat eder diýlip, habar berilýär.

XS
SM
MD
LG