Tatarystanyň prezidenti Rustam Minnihanow 19-njy maýda Türkmenistandan, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda gelen delegasiýany kabul etdi.
Türkmen delegasiýasy Kazanda “Russiýa – yslam dünýäsi: “Kazansummit-2017” atly Halkara ykdysady sammitiň IX mejlisine gatnaşýar.
Tatarystan respublikasynyň hökümet saýtynda berlen habara görä, Rustam Minnihanow Türkmenistanyň Tatarystan üçin hemişe strategiki hyzmatdaş bolandygyny aýdyp, türkmen we tatar halklaryny çuň taryhy kökleriň we ýygjam söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygny nygtapdyr.
Serdar Berdimuhamedow 2016-njy ýylyň noýabrynda parlament deputatlygyna saýlandy we onuň daşary ýurt sapary barada türkmen metbugatynda habar berilmedi.