Sepleriň elýeterliligi

Rus resmisi Hazar konwensiýasyna basym gol çekiljegini aýdýar


Hazar deňziniň kenarynda balyk tutýan adamlar

Rus metbugaty Hazar deňziniň hukuk durumy baradaky şertnama hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň ýakyn wagtda, Gazaystanda geçiriljek duşuşygynda gol çekikljegini habar berýär.

Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Grigoriý Karasiniň «Коммерсанту» gazetine aýtamagyna görä, “geljekki konwensiýada hazarýaka döwletleriniň hemmesiniň ähli zerurlyklary nazara alyndy we olaryň hiç biriniň milli bähbitleri kemsidilmeýär”.

Mundan öň, aprelde rus DIM-niň resmisi Igor Bratçikow bu konwensiýanyň esasy düzgünleriniň bireýýäm doly ylalaşylandygyny aýdyp, Kaspiniň hukuk durmy baradaky konwensiýa hakykatda gol çekilmegine taýýar diýipdi.

XS
SM
MD
LG