Sepleriň elýeterliligi

ÝHHG Aşgabatdan 100 adamy daşary ýurt saparyna iberdi


Natalia Drozd

ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkeziniň başlygy, ilçi Natalia Drozd 18-nji maýda ÝHHG-nyň hemişelik geňeşinde merkeziň geçen ýyldaky işi hakynda hasabat berdi diýip, “Türkmenistanyň alternatiw habarlary” proýekti habar berýär.

Ilçi Dreozdyň maglumatyna görä, 2016-njy ýylyň iýun aýyndan 2017-nji ýylyň maýyna çenli aralykda merkez tarapyndan 31 proýekt (treningler, seminarlar, “tegelek stollar”, türkmen resmileriniň daşary ýurtlara tanyşlyk saparlary) gurnalyp, olara 900-den gowrak adam gatnaşypdyr, 100 adam, esasan mejlisiň deputatlary bolsa daşary ýurt saparlaryna ugradylypdyr.

Şeýle-de, Drozdyň hasabatynda ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkezine hukuk kömegini sorap, 159 adamyň ýüz tutandygy, olaryň 90-synyň şikaýat ýazmaga kömek sorandygy aýdylýar.

Ilçiniň tassyklamagyna görä, Merkeziň ýuristleri 17 adamyň haýyşyny kanagatlandyrypdyr.

XS
SM
MD
LG