Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Talyban" Zabul welaýatynda 20 ofiseri öldürdi


 Zabul, owgan polisiýa ofiserleri
Zabul, owgan polisiýa ofiserleri

Günortadaky Zabul welaýatynda ýekşenbe güni irden, “Talyban” söweşijileri birnäçe howpsuzlyk hokadyna zabt edende azyndan 20 sany owgan polisiýa ofiseri öldürildi diýip, resmiler aýtdytlar.

"Şu gün irden “Talyban” söweşijileriniň topary, agyr we ýeňil ýaraglar bilen ýaraglanyp, Zabul welaýatynyň Şah Joý etrabynda birnäçe polisiýa barlag nokadyna utgaşdyrylan hüjüm gurnap, 20 sany polisiýa ofiserini öldürdi” diýip, welaýat gubernatory Bismillah Afghanmal aýtdy.

Etrap resmisi söweşde azyndan 15 ofiseriň ýaraly bolandygyny habar berdi.

Ýerli resmiler ýokary derejeli häkimiýet wekillerinden haraý tapman, owgan telewizion stansiýalaryna telefon etmek bilen, howpsuzlyk ýolbaşçylarynyň hatarlaryndaky bidüzgünçiliklere ünsi çekdiler.

Utgaşykly hüjüm “Talybanyň” demirgazykdaky balh welaýatynda owgan harby bazasyna hüjüm edip, howpsuzlyk güýçleriniň azyndan 135 agzasyny öldürmeginiň laýyk bir aý soňundan guraldy.

XS
SM
MD
LG