Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Trampyň Riýadda ekstremizme garşy göreşde bütewilige çagyrmagyna garaşylýar


Prezident Donald Tramp (Ç) we Saud Arabystanynyň patyşasy Salman bin Abdulaziz Al Saud, 20-nji maý, 2017.
Prezident Donald Tramp (Ç) we Saud Arabystanynyň patyşasy Salman bin Abdulaziz Al Saud, 20-nji maý, 2017.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Saud Arabystanyna saparynyň ikinji gününde Riýaddaky regional sammitde, onlarça musulman ýurdunyň liderleriniň öňünde söz sözlemegine garaşylýar.

AP-niň sözlenjek sözüň taslamasyndan alan maglumatyna görä, Trampyň 21-nji maýdaky sözünde ekstremizme we çydamsyzlyga garşy bir-bitewi pozisiýa çagyrmagyna garaşylýar.

Tramp saud patyşasy Salman bilen bilelikde 50-den gowrak regional lideriň gatnaşmagynda “Yslam döwleti” ekstremist toparyna we beýleki ekstremistlere garşy göreş meseleleri barada maslahat eder.

Bu söz onuň ilkinji daşary ýurt saparynyň esasy pursatlarynyň biri bolar.

XS
SM
MD
LG