Sepleriň elýeterliligi

Regional gubernator: Türk polisiýasy YD-nyň iki agzasyny öldürdi


Stambul, Esenýurt etrabynda tutulan adam, 17-nji ýanwar, 2017

Türk polisiýasy “Yslam döwleti” toparynyň agzasy diýip güman edilýän iki adamy öldürdi, olar türk paýtagtynda hüjüm planlaşdyrýar diýip, regional gubernator aýtdy.

Bu iki adam polisiýanyň Ankaranyň Etimesgut etrabynda geçiren operasiýasy mahalynda, ofiserler bilen ýaragly söweşden soň öldürildi diýip, regional gubernator Erçan Topaça “Anadoly” habar gullugyna aýtdy.

Bu reýd Stambul polisiýasy tarapyndan saklanan azerbaýjanly YK agzasynyň beren maglumaty esasynda geçirilipdir.

Topaça bu adamlaryň özleriniň ilki polisiýany oka tutandygyny, soň olaryň ýaşaýan ýerlerinden ýaraglaryň we el granatlarynyň tapylandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG