22-nji maýda Pakistanyň demirgazyk-günbatarynda ýoluň gyrasyna düşelen bombanyň partlamagy netijesinde azyndan bäş adam, şol sanda bir esger öldi diýip, resmiler aýdýarlar.
Bu waka Pakistanyň Owganystan bilen serhediniň golaýynda ýerleşýän Haýber tire-taýpalar etrabyndaky Tirah jülgesinde boldy diýip, ýerli dolandyryş edarasynyň resmisi Manzur Buhari aýtdy.
Ol partlamanyň netijesinde bombanyň üstünden baran ulagyň doly weýran bolandygyny we wakada hiç kimiň aman galmandygyny sözüniň üstüne goşdy.
Ölenleriň arasynda esgerden başga ýerli milisiýanyň dört agzasynyň bardygyny, Azatlyk Radiosynyň habarçylary aýdýarlar.
Hepdäniň ahyrynda gürrüňi edilýän regionda “Talyban” gozgalaňçylary bilen bolan çaknyşyklarda Pakistanyň azyndan dört polisiýa ofiseri öldürildi.
Pakistanyň armiýasy tarapyndan amala aşyrylan hüjümlerden öň, Tirah jülgesi yslamçy söweşijileriň buky ýerine öwrülipdi.
Meniň pikirimçe, bir haltasy 1000 manat diýjek bolupdyrlar öýdýän. Soňam siziň belligiňizden utanyp, çekinip, düzetmändirler ýa-da düzetmegi özlerine kiçilik bilen bolara çemeli. Türkmen hökümedi ýaly, bular hem tankyda bolanoklar ahyry. Bellik edip ýazan düzedişiň bir hepde geçensoňlar goýýarlar. Hamala, söz azatlygy, tankydy kabul edýän kişi bolup. Bir hepdeden bolsa makala arhiwe geçip gidýär.