Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: ‘Talyban’ harby baza hüjüm edip, 10 esgeri öldürdi


Owganystanyň howpsuzlyk güýçleri.

Owgan resmileri söweşijileriň ýurduň günortasynda ýerleşýän Gandahar welaýatyndaky harby baza hüjüm edip, azyndan 10 esgeri öldürendigini we başga-da dokuz sanysyny ýaralandygyny aýdýarlar.

Owganystanyň Goranmak ministrligi Şah Walikot etrabyndaky Açakzaý lagerine edilen hüjümiň 22-nji maýda gijäniň ýary başlandygyny mälim etdi.

Bu ministrligiň metbugat wekili Dawlat Wazeri gijäniň ýary birnäçe sagat dowam eden çaknyşyklarda azyndan 12 hüjümçiniň öldürilendigini aýtdy.

Soňky hepdelerde “Talyban” we beýleki söweşijiler Owganystandaky hüjümleriniň gerimini güýçlendirdiler.

Owgan howpsuzlyk güýçleri “Talybanyň” liderliginde 16 ýyl bäri dowam edýän gozgalaňa garşy göreşýär. Bu ekstremist topar Birleşen Ştatlaryň Owganystana goşun salmagy netijesinde häkimiýetden agdarylypdy.

Birleşen Ştatlar owgan howpsuzlyk güýçlerini türgenleşdirmäge ýardam bermek üçin Owganystana ýene 3 müňden 5 müňe çenli goşun ugradyp-ugratmazlygy göz öňünde tutýar.

XS
SM
MD
LG