Sepleriň elýeterliligi

Azerbaýjanly žurnalist 30 günlük türme tussaglygyna höküm edildi


Garaşsyz žurnalist Nijat Amiraslanow.

Azerbaýjanyň sudy žurnalist Nijat Amiraslanowy polisiýa garşylyk görkezmekde günäli tapansoň, onuň 30 günlük türme tussaglygyna höküm edilmelidigi barada karar çykardy.

Garaşsyz žurnalist Amiraslanow 22-nji maýda Azerbaýjanyň demirgazyk-günbatar Kazah etrabynda tussag edildi. Kazah etrabynyň sudy Amiraslanow baradaky karary 23-nji maýda çykardy.

Amirslanowyň kärdeşleri we dostlary onuň internetde paýlaşan maglumatlary we makalalary üçin ýerli häkimiýetler tarapyndan ar almak maksady bilen tussag edilendigini aýdýarlar.

Halkara hukuk goraýjylar we günbatar ýurtlarynyň hökümetleri nebite baý öňki sowet respublikasynyň hökümetini ýurtdaky garaşsyz žurnalistlere we hukuk goraýjylara yzygiderli basyş etmekde tankyt edýärler.

XS
SM
MD
LG