Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Watikanda Tramp Rim papasy Fransis bilen duşuşdy


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp we Rim papasy Fransis. 24-nji maý, 2017 ý.
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp we Rim papasy Fransis. 24-nji maý, 2017 ý.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp we Rim papasy Fransis Watikanda özleriniň ilkinji duşuşygyny geçirdiler.

30 minut dowam eden ýygnak Trampyň we Fransisiň elleşip salamlaşmagy bilen başlandy.

Gepleşikler tamamlanandan soň, Rim papasy Trampa beýleki sowgatlar bilen bir hatarda, parahatçylygyň simwoly bolan zeýtun agajynyň şahajygyny şekillendirýän medaly gowşurdy.

Trampyň Watikana baran delegasiýasynyň arasynda prezidentiň aýaly Melania Tramp, Trampyň gyzy Iwanka we giýewi Jared Kuşner, şeýle-de Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Reks Tillerson we milli howpsuzlyk maslahatçysy H.R. McMaster dagy bar.

XS
SM
MD
LG