Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Şazenany Ýelizaweta II-ä we ýurduň premýer-ministri Tereze Meýe “Mançester Arena” stadionynda bolup geçen terrorçylykly waka zerarly gynanç hatlaryny iberdi.

“Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny juda aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar” diýlip, türkmen mediasy prezidentiň hatyna salgylanyp habar berýär.

Maglumatda türkmen lideri “şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň hem-de hökümetiniň adyndan we hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwyny aýtdy” diýilýär.

22-nji maýda gije Britaniýanyň demirgazygyndaky Mançester şäherindäki stadionyň daşynda bolan bomba partlamasynda azyndan 22 adam, şol sanda çagalar öldi we başga-da onlarçasy ýaralandy.

XS
SM
MD
LG