Sepleriň elýeterliligi

Tütjar Usmanow bilen Nawalnynyň arasyndaky internet söweşi dowam edýär


Russiýanyň iň baý adamlarynyň biri Alişer Usmanow we iň tanymal oppozision syýasatçysy Alekseý Nawalny

Russiýanyň iň baý adamlarynyň biri bilen iň tanymal oppozision syýasatçysynyň arasyndaky internet söweşi dowam edýär.

Özbegistanda doglan tütjar Alişer Usmanow Alekseý Nawalna garşy YouTube saýtynda ikinji wideosyny çap etdi. Ol wideoda Nawalnyny “örän çeper ýalançy” diýip atlandyryp, onuň il ortalaýyn çekeleşigi, debaty geçirmek barada eden çagyryşyny ret etdi.

Kreml bilen ilteşikli tütjar bilen prezident Wladimir Putiniň iň il ortalaýyn opponentiniň arasyndaky söz urşy 2018-nji ýylyň mart aýynda Russiýada geçiriljek prezident saýlawlarynyň öň ýanyna gabat geldi. Bu saýlawlara Nawalnynyň öz dalaşgärligini hödürlemegine garaşylýar.

Rus tütjary Alişer Usmanow Nawalnynyň üstünden suda töhmetçilik barada şikaýat edipdi.

XS
SM
MD
LG