Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

NATO YD toparyna garşy halkara koalisiýasyna goşular


NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg

NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenbergiň aýtmagyna görä, bileleşigiň agzalary 25-nji maýda geçiren duşuşygynda NATO-nyň “Yslam döwleti” (YD) atly ekstremist topara garşy halkara koalisiýasyna gatnaşmagy barada ylalaşypdyr.

“Bu NATO-nyň terrorizme garşy göreşe goşandy barada güýçli syýasy yşarat berer” diýip, Stoltenberg 28 agzaly harby bileleşigiň liderleriniň Brusselde geçiren duşuşygynyň öňüsyrasynda aýtdy. Bu duşuşyga ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp ilkinji gezek gatnaşdy.

Şol bir wagtda-da Stoltenberg bu planyň NATO-nyň YD toparyna we beýleki ekstremist toparlara garşy göreşde Siriýada we Yrakda söweş roluny öz üstüne almagyny göz öňünde tutmaýandygyny belledi.

NATO-nyň 28 agzasynyň ählisi 68 ýurdy öz içine alýan ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky Global koalisiýasynyň düzümine girýär. Bu koalisiýa YD toparyna garşy göreşmegi maksat edinýär.

Emma NATO, ABŞ-nyň basyşyna garamazdan, gurama hökmünde bu göreşe gatnaşmandy.

Guramanyň Fransiýa, Germaniýa we Italiýa ýaly ýurtlarynyň bu karara garşy çykandygy habar berilýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG