Özbegistanyň “Uzbekenergo” kompaniýasy we Türkmenistanyň energetika ministrligi elektrik energiýasynyň tranziti we akdyrylmagy barada şenbe güni ylalaşyk baglaşdylar.
Media maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň we Özbegistanyň prezidentleriniň 20-nji maýda Awazada geçiren duşuşygynyň yzýany baglaşylan ylalaşyga Türkmenistanyň energetika ministri Çarymyrat Purçekow we Özbegistanyň wise-premýeri Gulomjon Ibragimow gol çekipdir.
Ylalaşygyň Türkmenistandan elektrik energiýasynyň Özbegistanyň energosistemasy arkaly Gazagystana we Gyrgyzystana geçirilmegini göz öňünde tutýandygy media serişdeleri habar berýärler.
Şeýle-de ylalaşyk “Türkmenenergo” kompaniýasynyň “Özbekenergo” kompaniýasynyň öňündäki bergisiniň hasabyna ylalaşylan bahadan elektrik energiýasyny bermek boýunça meseläni öz içine alýar diýip, gazeta.uz neşri Özbegistanyň prezidentiniň apparatyna salgylanyp, habar berýär.
Мумкин белки мен ялнышяндырын ! Шу ерде бир зат бар :Эрдоган халкына вепалымы я-да Бердимухаммедов алабай итжагагаз бн халкына ,Путинамы? Болмаса Германиядан,Америкадан алсалар говы боларды дийжек болярын ! Бары егы 2-3 млн.халкымыз бар !
Gaty gereksiz hereketler, yokardakylaryn habary yokdugam belli, polisiya mhm isgarleri halka zulum etmekden basga isi yok! Ne diyilyan wahabi bar ne diyilyan dowlet adam ucin duzgunler!