Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britan premýeri Tramp bilen aňtaw maglumatlaryň howpsuzlygyny maslahat eder


Mançester
Mançester

Britaniýanyň premýer-ministri Tereza Maý ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen duşuşygynda iki ýurduň arasynda paýlaşylýan aňtaw maglumatlarynyň howpsuz bolmalydygy barada “anyk aýtjakdygyny” mälim etdi diýip, Britaniýanyň metbugat bileleşigi täzelikler agentligi habar berdi.

25-nji maýda çap bolan bu maglumat Britaniýanyň polisiýasynyň 22-nji maýda Mançesterde konsertde bolan bombaly hüjüm barada aňtaw maglumatlarynyň ABŞ tarapyndan paş edilmegine we munuň henizem gözlegdäki bomba ýasan adamy tapmak boýunça tagallalara zyýan ýetirmeginden aladalanma bildirýändigi barada peýda bolan habarlaryň yzýanyna gabat geldi.

Maý hökümetiň adatdan daşary howpsuzlyk geňeşi Kobranyň maslahatyny geçirdi. Bu maslahat hüjümden bäri dördünji gezek geçirilýär.

Resmiler janyndan geçen hüjümçi bolmakda güman edilýän 22 ýaşly Salman Abediniň toparyň agzasy bolmagyny çak edip, onuň ýaranlaryny gözleýär. Hüjümiň netijesinde 22 adam wepat boldy we 60 çemesi adam, şol sanda çagalar ýaralandy.

XS
SM
MD
LG