Sepleriň elýeterliligi

Azerbaýjan: Oppozision partiýanyň başlygynyň orunbasarynyň tussag edilendigi aýdylýar


Azerbaýjanyň oppozision Halk Fronty partiýasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Gozal Baýramli

Azerbaýjanyň oppozision Halk Fronty partiýasy öz ýolbaşçysynyň orunbasarynyň tussag edilendigini aýdýar.

Partiýanyň ýolbaşçysy Ali Kerimliniň 25-nji maýda aýtmagyna görä, onuň orunbasary Gozal Baýramli Azerbaýjana Gürjüstandan gaýdyp barýarka serhet geçelgesinde tussag edilipdir.

Kerimli Baýramliniň özüne jaň edip, tussag edilendigi hakynda habar berendigini aýtdy. Baýramli Azerbaýjanyň polisiýasynyň tussag etmeginiň öňüsyrasynda öz sumkasyna bir zatlaryň atylandygyny aýdypdyr.

Azerbaýjanyň häkimiýetleri ýagdaýy kommentirlemediler.

Azerbaýjany uzak wagt bäri dolandyrýan prezident Ylham Aliýewiň hökümetiniň tankytçylary nebite baý bu postsowet ýurdunyň häkimiýetleriniň žurnalistlere, adam hukuklaryny goraýjy aktiwistlere we raýat jemgyýetçiliginiň tarapdarlaryna esassyz basyş edýändigini aýdýarlar.

Soňky ýyllarda Halk Fronty partiýasynyň onlarça agzasy tussag edilipdi we olaryň tarapdarlarynyň aýdyşy ýaly, syýasy matlaply türmä basylypdy.

XS
SM
MD
LG