ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Uly-7 guramasynyň iki günlük sammitine gatnaşmak üçin 26-njy maýda Sisiliýa bardy. Trampyň söwda we howanyň üýtgemegi barada öz pozisiýalaryny mälim edip, beýleki ýurtlaryň liderleriniň soraglaryna jogap bermegine garaşylýar.
Taormina kurort şäherçesinde geçirilýän sammit Trampyň ýanwar aýynda döwlet başyna geçeli bäri edýän ilkinji daşary ýurt saparynyň jemleýji tapgyrydyr. Trampyň dokuz günlük sapary Ýakyn Gündogara we Ýewropa boldy.
Şeýle-de liderleriň duşuşygynda 22-nji maýda Britaniýanyň Mançester şäherinde bolan bombaly hüjüm bilen bagly howpsuzlyk hyzmatdaşlygynyň ara alnyp maslahat ediljegi aýdylýar.
Meniň pikirimçe, bir haltasy 1000 manat diýjek bolupdyrlar öýdýän. Soňam siziň belligiňizden utanyp, çekinip, düzetmändirler ýa-da düzetmegi özlerine kiçilik bilen bolara çemeli. Türkmen hökümedi ýaly, bular hem tankyda bolanoklar ahyry. Bellik edip ýazan düzedişiň bir hepde geçensoňlar goýýarlar. Hamala, söz azatlygy, tankydy kabul edýän kişi bolup. Bir hepdeden bolsa makala arhiwe geçip gidýär.