Sepleriň elýeterliligi

BMG-niň edarasy Hekmatýar barada petisiýa gowşandygyny aýdýar


Gulbuddin Hekmatýar, Kabul, 4-nji maý, 2017

BMG-niň Owganystana ýardam beriş missiýasy (UNAMA) owganystanlylardan petisiýanyň gowuşandygyny we onda meýdan komandiri Gulbuddin Hekmatýaryň pidasy bolandygy aýdylýan adamlar barada habar berilýändigini mälim etdi.

Owganystanda 1990-njy ýyllarda bolan graždan urşuna gatnaşan esasy ýaragly toparlaryň biriniň lideri bolan Hekmatýar owgan hökümeti bilen baglaşan ylalaşygyna laýyklykda şu aýda Kabula dolanyp bardy.

BMG-niň Owganystana ýardam beriş missiýasynyň öz beýannamasynda aýtmagyna görä, petisiýa 25-nji maýda gowuşypdyr.

Owganystanyň hökümetiniň Hekmatýar bilen baglaşan ylalaşygy owganlaryň ençemesi we günbatarly adam hukuklaryny goraýjy toparlar tarapyndan tankyt edilipdi. Olar Hekmatýary we Hezb-e Islami toparyny graždan urşunyň dowamynda zorlugy tutaşdyrmakda we 2001-nji ýylda Talybany häkimiýet başyndan çetleşdiren ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky goşuna we owgan güýçlerine garşy heläkçilikli hüjümleri amala aşyrmakda aýyplaýarlar.

Hekmatýar 20 ýyllyk meýletin sürgünlikden soň 4-nji maýda Kabula bardy.

XS
SM
MD
LG