Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp NATO ýaranlaryna harajatlary deň çekişmelidigini ýatlatdy


Tramp NATO ýaranlaryna goranyş çykdajylary barada leksiýa berdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:12 0:00

Tramp NATO ýaranlaryna goranyş çykdajylary barada leksiýa berdi

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp NATO-nyň Brýusseldäki täze binasynda Btindünýä Söwda merkeziniň harabalaryndan toplanan kollektiw goranyş ýadygärliginiň açylyşynda çykyp gürledi.

Ol bu çykyşyny ýaranlygyň öz öňünde duran liderlerine olaryň goranyş üçin ýeterlik töleg etmeýändigini aýtmak üçin ulandy.

“Gelejegiň NATO-sy terrorizme we emigrasiýa, şol sanda Orsýetden abanýan wehimlere, HATO-nyň gündogar we günorta serhetlerine abanaýn howplara uly üns bermeli” diýip, Donald Tramp aýtdy.

“Bu uly howp-hatarlar meniň baş sekretar Stoltenberg we ýaranlygyň agzalary bilen NATO agzalarynyň ahyr netijede öz deň paýlaryny çekişmegi we maliýe borçnamalaryny ýerine ýetirmekleri barada örän göni gürleşmegimiň düýp sebäbi bolup durýar - diýip, amerikan prezidenti sözüni dowam etdirdi. - Emma 28 agzanyň 23-si şindem özleriniň goraglary üçin tölemeli we tölemeklerine garaşylýan töleglerini tölänoklar. Bu Birleşen Ştatlaryň salgyt töleýjileri üçin adalatly däl - diýip, Tramp aýtdy.

“Şeýle-de bu döwletleriň köpüsiniň geçen ýyllardan galan uly tölenmedik tölegleri bar” diýip, prezident Tramp soňky sekiz ýylda Birleşen Ştatlaryň ähli HATO ýurtlary goşulanda edýän goranyş çykdajysyndan kän harajat çykarandygyny sözüne goşdy.

Amerikan prezidentiniň sözlerine görä, eger NATO ýurtlary öz doly goşmaly goşantlaryny eden bolsalardy, NATO bu günki gün, aýratynda terrorizm howpunyň öňünde, şu günküsinden-de has güýçli bolardy.

“Men Nýu-Ýorkdaky 11-nji sentýabr pidalarynyň muzeýine demirgazyk diňden galan galyndylary berendikleri üçin, şeýle-de kansler Merkele we german halkyna Berlin diwarynyň böleklerini berendikleri üçin minnetdarlygymy bildirmek isleýärin” diýmek bilen, Tramp inndi bu eksponatlaryň NATO-nyň täze binasyna bir-birine ýanaşyk durjakdyklaryny belledi.

“Men bir gezegem NATO-nyň täze binasynyň näçe harajada düşendigini soramadym, men ony soramakdan ýüz öwürdim. Ýöne ol owadan” diýip, prezident Tramp NATO-nyň Brýusseldäki täze binasynda Btindünýä Söwda merkeziniň harabalaryndan toplanan kollektiw goranyş ýadygärliginiň açylyşynda sözlän sözüni soňlady.

XS
SM
MD
LG