Sepleriň elýeterliligi

Azerbaýjanyň oppozizýa partiýasy başlygyň orunbasary tutuldy diýýär


Gozal Bayramli

Azerbaýjanyň oppozisiýadaky Halk fronty partiýasy (AHFP) öz başlygynyň orunbasarynyň tussag edilendigini aýdýar.

AHFP-nyň başlygy Ali Karimli 25-nji maý güni giçlik öz orunbasary Gozal Bayramliniň gürjüstandan Azerbaýjana dolanyp gelýän wagtynda serhet geçelgesinde tussag edilendigini aýtdy.

Ol Baýramliniň özüne telefon edip, tussag edilýändigini habar berendigini aýtdy. Karimliniň sözüne görä, orunbasary oňa azeri polisiýasy tarapyndan tussag etmezinden öň öz sumkasyna bir zatlaryň atylandygyny habar beripdir.

Azeri häkimiýetleri bu habara hiç bir düşündiriş bermediler.

XS
SM
MD
LG