Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda Hazaryň hukuk durumy boýunça nobatdaky duşuşyk geçiriler


Hazar deňziniň kenary

Hazarýaka döwletleriniň Hazar deňziniň hukuk durumy boýunça işçi topary nobatdaky duşuşygyny Aşgabatda, gelýän aýyň başynda geçirer.

Hökümet başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu baradaky karara anna güni gol çekendigi habar berilýär.

Türkmen metbugaty Hazar deňziniň hukuk durumyny kesgitleýän konwensiýany işläp taýýarlamagyň çäginde guralýan 49-njy maslahatyň 1-2-nji iýunda geçiriljekdigini habar berdi.

Bu duşuşyk hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derjesinde bolar.

XS
SM
MD
LG