Sepleriň elýeterliligi

Tramp tölegleriň NATO-ny has güýçli etjegini aýdýar


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 27-nji maýda NATO has güýçli bolar, sebäbi agza ýurtlar öz goranyş töleglerini “düýpli” ýokarlandyrdylar diýdi.

"NATO-nyň köp ýurdy töleglerini saldamly artdyrmaga razy boldy, bu olaryň etmeli zady. Pul gelip başlaýar, NATO has güýçli bolar” diýip, Tramp Sisiliden, Ýedilar toparynyň sammitine gatnaşýan ýerinden twitterde ýazdy.

Tramp mundan iki gün öň Brýusselde NATO agzalarynyň goranyş üçin ýeterlik pul töleneýändiklerini ýatladypdy.

NATO ýurtlary Birleşen Ştatlara ýa-da NATO-nyň özüne göni töleg tölemeýärler. Olar ýurt içinde ýaraglara we beýleki goranyş maksatly çykdajylara serşde harçlaýarlar.

Tramp agza ýurtlary öz jemi içerki önümleriniň azyndan 2 prosentini goranyşa harçlamaga hyjuwlandyrdy. Şu wagta çenli diňe bäş döwlet bu talaby ödedi.

Beýleki döwletler bu talaby 2024-nji ýyla çenli ýerine ýetirmäge borçlandy.

XS
SM
MD
LG