Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tel-Awiw: Müňlerçe ysraýylly palestin döwletiniň döredilmegine goldaw bildirdi


Ysraýylyň oppozisiýadaky Zähmet partiýasynyň lideri Isaak Herzog
Ysraýylyň oppozisiýadaky Zähmet partiýasynyň lideri Isaak Herzog

Müňlerçe ysraýylly 27-nji maýda Tel-Awiwde proteste çykyp, palestin döwletiniň döremegine goldaw bildirdi. Olar “Iki döwlet, bir umyt” diýen şygar ýazylan plakatlary göterip çykdylar.

Protesti gurnaýjy, “Indi parahatçylyk” atly döwletden aýry guramanyň başlygy Avi Buskilanyň sözlerine görä, ýörişe çykanlar “eýelemegi, zorlugy we jynsparazlygy ornaşdyran hökümet tarapyndan umyt galdyrylmazlygyna” protest bildirdiler. Guramaçylar bu çäräniň Ysraýylyň palestin ýerlerini eýelemeginiň 50 ýyllygyna gabatlanyp gurnalandygyny aýtdylar.

"Ysraýyllylara, palestinalylara we tutuş dünýä Ysraýyl ilatynyň möhüm bir böleginiň okkupasiýa garşydygyny we iki döwlet çözgüdini isleýändigini subut etmegiň wagty geldi” diýip, Buskila aýtdy.

Palestin häkimiýetiniň prezidenti Mahmud Abbas protestçilere iberen habarynda “bilelikde we sazlaşykly, howpsuz we durnukly ýaşamagyň wagty geldi” diýdi.

Ysraýylyň oppozisiýadaky Zähmet partiýasynyň lideri Isaak Herzog hem ýygnanyşyga gatnaşdy.

Ysraýyl 50 ýyl mundan öň, goňşulykdaky arap döwletleri bilen bolan alty günlük uruş mahalynda Iordaniýadan Günbatar kenary we Gündogar Iýerusalimi basyp aldy. Soňy bilen ol Gündogar Iýerusalimi anneksiýa etdi, bu çäre halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmedi.

XS
SM
MD
LG