Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: Içki hüjümde alty ofiser öldürildi


Goragda duran ofiser

Owganystanyň Zabul welaýatyndaky barlag nokadynda bir polisiýa ofiseri öz alty kärdeşini atyp öldüridi diýip, ýerli resmiler aýtdylar.

27-nji maýda Zabulyň Şinkaý etrabynda bolan hadysada ýene bir polis ofiseri ýaralandy diýip, welaýat geňeşiniň agzasy Hajy Asadullah Kakar aýtdy.

Hüjümçi şondan soň bu barlag nokadyny we ol ýerdäki ýaraglary “Talyban” jeňçilerine tabşyrdy, emma howpsuzlyk güýçleri barlag nokadyny birnäçe sagat içinde yzyna aldylar diýip, Zabul polisiýasynyň resmisi Ghulam Gailani Farahi 28-nji maýda aýtdy.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini “Talyban” öz üstüne aldy. Mart aýynda Zabulyň şu etrabynda öz kärdeşleri tarapyndan sekiz ofiser öldürildi.

Nangarhar welaýatynda bolsa, şunuň ýaly içki hüjüm netijesinde 19-njy maýdabäş polis ofiseri öldürildi.

XS
SM
MD
LG