Sepleriň elýeterliligi

Tramp Ak tama dolandy we kadr çalşygyny geçirmegiň pikirini edýär.


Prezident Donald Tramp Sisilide, Sigonelladaky harby howa bazasynda amerikan esgerleriniň öňünde çykyş edýär, 27nji maý, 2017.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp dokuz günlük Ýakyn Gündogar we Ýewropa saparyndan Waşingtona dolanyp geldi we metbugat habarlaryna görä, Ak tamda uly kadr çalşygyny geçirmegiň pikirini edýär.

Sisilide senagat taýdan ösen ýedi ýurduň liderleri bilen duşuşyp, söwda, terrorizm we klimat özgermesi barada maslahat edeninden soň, Trampyň uçary 27-nji maý güni giçlik amerikan topragynda gondy.

Ol birinji hanym Melania bilen Ak tama tarap barýarka žurnalistlere el galgatdy, emma hiç bir zat aýtmady.

“The Washington Post”, “The New York Times”, “Roýters” we beýleki habar serişdeleri Trampyň ABŞ-nyň 2016-njy ýyldaky prezidentlik kampaniýasy we Orsýetiň ara gatyşmasy baradaky soraglaryň köpelmegi bilen bagly “söweş otagy” diýilýäni döretmegiň pikirini edýändigini habar berdiler.

“Söweş otagynyň” birýyla golaý öň kampaniýa menjerliginden boşadylan Kori (Corey) Lewandowski; kampaniýa menejeriniň orunbasary bolan David Bossie; baş strateg Stiwen Bännon (Stephen Bannon) dagy tarapyndan dolandyrylmagy mümkin diýip, habarlarda aýdylýar.

Ak tamda başga-da kadr çalyşmalarynyň pikiri edilýär diýip, habarlarda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG