Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Awstraliýa Owganystandaky harbylarynyň sanyny artdyrýar


Awstraliýa harbylary Kabulyň Ýaşyl Zonasynda, 24-nji aprel, 2016.
Awstraliýa harbylary Kabulyň Ýaşyl Zonasynda, 24-nji aprel, 2016.

Awstraliýa “Talybana” we beýleki söweşiji toparlara garşy göreşmek üçin owgan esgerlerini türgenleşdirmek maksatly Owganystandaky harbylarynyň sanyny ýene 30 adamlyk artdyrýandygyny aýdýar.

Goranmak ministri Marise Payneniň 29-njy maýda Senatyň maslahatynda aýtmagyna görä, harby geňeşçileriň sanynyň artdyrylmagyny NATO haýyş edipdir we ABŞ tarapyndan goldanypdyr.

“Terrorizme garşy global göreşde Owganystanyň merkezi roly hasaba alnanda Awstraliýanyň aýgytly ýardam missiýasyna goşandy hem ýerlikli, hem-de maksada laýykdyr” diýip, Awstraliýanyň goranmak ministri aýtdy.

Bu çäräniň netijesinde Awstraliýanyň Owganystandaky harbylarynyň sany 300 adamdan aşar, olaryň ählisiniň wezipesi söweşe degişli däl.

NATO-nyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýa girýän 39 döwletiň harbylarynyň umumy sany 13 500 adama ýetýär, olaryň öňünde owgan güýçlerini türgenleşdirmek, maslahat bermek we goldamak wezipeleri goýulýar.

ABŞ häzirki wagtda 8400-den ybarat öz harbylarynyň sanyny ýene 3000 adama çenli artdyrmagy göz öňünde tutýar.

Awstraliýanyň harbylary 2001-nji ýylda ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara goşunlary Owganystanda salynaly bäri bu ýurtda galýarlar.

XS
SM
MD
LG