Sepleriň elýeterliligi

Makron Putin bilen gepleşiginde 'talap ediji' boljakdygyny aýtdy


Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron (ç) we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron 29-njy maýda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putini Parižiň etegindäki Wersail köşgünde kabul edende “talap ediji” boljakdygyny aýtdy.

7-nji maýda saýlanan Makron “Orsýet bilen gepleşmegiň zerurdygyny, sebäbi olar bilen berk dialog geçirmezden çözüp bolmaýan halkara meseleleriniň ençemesiniň bardygyny aýtdy”.

Iki ýurduň öňünde duran agyr meseleleriň arasynda Moskwanyň Fransiýanyň prezidentlik saýlawlaryna goşulyşmaga güman edilýän synanyşygy, Orsýetiň Sirýanyň graždan urşunda prezident Başar al-Assada berýän ýardamy we Ukrainadaky ýargdaýlara goşulyşmagy ýaly problemalar bar.

“Men Orsýet bilen meseleleriň ençemesinde talap ediji bolaryn” diýip, Makron Uly-7 guramasynyň 27-nji maýda geçiren sammitiniň yzýany aýtdy. Guramanyň liderleri, eger Ukrainada ýagdaý özgermese Moskwa garşy täze çärelere seretmek barada ylalaşdylar.

Günbatar ýurtlary Orsýetiň 2014-nji ýylda Krym ýarymadasyny Ukrainadan bölüp, öz düzümine goşmagy we gündogar Ukrainada 9900 adamyň ölümine sebäp bolan uruşda separatistleri goldamagy sebäpli Moskwa garşy sanksiýalary girizipdi.

XS
SM
MD
LG