Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň senatory MakKein Putiniň YD-dan has uly howpdugyny aýtdy


ABŞ-nyň senatory Jon Makkain

ABŞ-nyň senatory Jon Makkain Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň global howpsuzlygy üçin “Yslam döwleti” atly ekstremist topardan has uly howpdugyny aýtdy we Moskwanyň ABŞ-nyň prezidentlik saýlawlaryna güman edilýän goşulyşmagy sebäpli sanksiýalary girizmäge çagyrdy.

“Men YD topary elhenç zatlary edip bilýär diýip pikir edýärin we men musulmanlaryň dini bilen nämeleriň bolup geçýändigine örän aladalanýaryn” diýip MakKain 29-njy maýda Awstraliýanyň telewizion korporasiýasyna aýtdy.

Şeýle-de MakKein emma “men onuň esasy we [YD] toparyndan hem has möhüm howpdugyny hasap edýärin” diýdi we Putini Ukrainany “bölmekde” we “Baltiýa basyş etmekde” aýyplady.

MakKein Senatyň Ýaragly güýçler boýunça komitetiniň başlygy we ABŞ-nyň Kongresiniň daşary syýasatynda täsirli syýasatçy.

MakKein Orsýetiň ABŞ-da 2016-njy ýylda geçirilen saýlawlara täsir ýetireni subut edilmänkä, Kremliň saýlawlara täsir ýetirmäge synanyşýandygyny, Fransiýadaky saýlawlaryň muňa mysaldygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG