Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystanyň öňki ýokary derejei resmileri korrupsiýada aýyplanýar


Gyrgyzystanyň öňki premýer-ministri Igor Çudinow we ykdysadyýet we söwda boýunça öňki ministri Akylbek Japarow

Gyrgyzystanyň baş prokurory öňki premýer-ministri Igor Çudinowyň korrupsiýa bilen baglylykda derňew astyndadygyny 30-njy maýda aýtdy.

Ýurduň Milli howpsuzlyk boýunça komitetiniň ýaýradan beýannamasynda Çudinowyň, şeýle-de ykdysadyýet we söwda boýunça öňki ministri Akylbek Japarowyň we ýene birnäçe adamyň 2009-njy ýylda oba hojalyk proýektleri üçin niýetlenen 2.9 million amerikan dollary möçberdäki döwlet serişdelerini nädogry ulanmakda güman edilýändigi aýdylýar.

Çudinow we Japarow häzirki wagtda häkimiýet başyndaky koalisiýanyň düzümine girýän “Bir bol” partiýasyndan kanun çykaryjylar.

Çudinow 2007-2009-njy ýyllarda Gyrgyzystanyň hökümetine baştutanlyk edipdi we 2010-njy ýylda protestleriň netijesinde häkimiýet başyndan çetleşdirilen prezident Kurmanbek Bakiýewiň goly astynda işläpdi.

Gyrgyzystanyň häkimiýet başyndaky koalisiýanyň düzümine girýän beýleki partiýalaryň agzalary bolan kanun çykaryjylar hem derňewlere sezewar edilýärler. Soňky aýlarda “Ata Meken” partiýasynyň başlygy Omurbek Tekebaýew we beýleki wekilleri korrupsiýa bilen bagly aýyplamalaryň esasynda suda çekildiler.

Oktýabr aýynda Gyrgyzystanda prezidentlik saýlawlary geçiriler.

XS
SM
MD
LG