Sepleriň elýeterliligi

Moskwada weýrançylykly tupan zerarly 16 adam wepat boldy


Tupanyň netijesi, Moskwa, 29-njy maý, 2017.

Orsýetiň häkimiýetleri 29-njy maýda Moskwada we onuň töwereginde bolan weýrançylykly tupan zerarly heläk bolanlaryň sanynyň 16 adama ýetendigini aýtdylar.

Derňew komitetiniň metbugat wekili Swetlana Petrenkonyň 30-njy maýda aýtmagyna görä, tupan Moskwanyň özünde 11 adamyň ölümine sebäp bolupdyr.

Moskwa regionynyň gubernatory Andreý Worobýow bäş adamyň, şol sanda bir çaganyň paýtagtyň daşynda heläk bolandygyny habar berdi.

29-njy maýda agşam sagat dört töwereginde bolan tupanyň netijesinde agaçlaryň ençemesi goparyldy, elektrik liniýalar ýumruldy. Tebigy betbagtçylyk barada häkimiýetler tarapyndan ilata ýeterlik derejede duýduryş berilmedi.

Moskwa regionynyň Saglyk departamentiniň ýolbaşçysy Alekseý Krupiniň 30-njy maýda aýtmagyna görä, tupanyň netijesinde 168 adam medisina kömegini sorapdyr we 108 adam, şol sanda 22 çaga ýaralanypdyr.

Orsýetiň Energiýa ministrligi tupanyň ýetiren zyýany zerarly Moskwada 7300 adamyň elektrik energiýasyz galandygyny aýtdy.

Moskwanyň meri Sergeý Sobýaniniň sözlerine görä, güýji her sagatda 110 kilometre ýeten güýçli şemal 3500-den gowrak agajy goparypdyr.

XS
SM
MD
LG