Sepleriň elýeterliligi

Astanada 1931-1933-nji ýyllaryň açlygynyň pidalarynyň hatyrasyna ýadygärlik açyldy


Astanada açylan ýadygärlik aç çagany tutup duran zenany şekillendirýär, Almaty, 31-nji maý, 2017.

Gazagystanyň paýtagtynda sowet hökümetiniň kollektiwleýiş syýasatynyň netijesi bolmagy hasaplanýan, 1931-1933-nji ýyllaryň açlygynyň pidalarynyň hatyrasyna ýadygärlik açyldy.

31-nji maýda Astanada açylan aç çagany tutup duran zenany şekillendirýän beýikligi üç metrlik heýkel NKWD we KGB gizlin gulluklaryň öňki binalarynyň ýerleşýän ýerinde dikildi.

Açylyş dabarasyna gatnaşan ýüzlerçe adamyň arasynda şahyrlar, ýazyjylar we taryhçylar, şeýle-de Almatynyň häkimi we beýleki resmiler boldy.

Ýurdy 1991-nji ýyldan bäri dolandyrýan prezident Nursoltan Nazabaýew heýkeliň açylyş dabarasyna gatnaşmady.

31-nji maý Gazagystanyň syýasy repressiýalaryň pidalaryny ýatlaýan senesi.

Taryhçylar 1.5 million gazagystanlynyň açlykdan heläk bolandygyny hasap edýärler. Şeýle-de 1931-1933-nji ýyllaryň açlygy Ukrainanyň, Demirgazyk Kawkazyň, Wolga regionynyň we Ural daglarynyň günorta böleginiň ýaşaýjylarynatäsir ýetiripdi.

1919-1922-nji ýyllaryň açlygyndan hem ejir çeken Gazagystanyň häkimiýetleri ilat sanynyň ýarysyndan gowrak möçberdäki adam ýitgisine garamazdan açlygyň syýasy sebäplerini ykrar etmekden uzak wagtlap boýun gaçyrypdy.

XS
SM
MD
LG