Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz kanun çykaryjylary saýlawlara gözegçilik barada kanuna seredýärler


Gyrgyzystanyň prezidentш Almazbek Atambaýew
Gyrgyzystanyň prezidentш Almazbek Atambaýew

Gyrgyz kanun çykaryjylary, garaşsyz synçylaryň saýlawlara gözegçilik etmegini çäklendirýär diýlip, hökümete degişli bolmadyk guramalar tarapyndan häsiýetlendirilen kanuna seredýärler.

Kanun çykaryjylaryň jemleýji ses berişlikden öň 31-nji maýda maslahat eden kanuny garaşsyz synçylaryň saýlaw komissiýalarynyň maslahatlaryna gatnaşmagyny we komissiýalaryň kararlary boýunça suda ýüzlenmeginigadagan edip biler. Şeýle mümkinçiliklere diňe syýasy partiýalara ýa-da dalaşgärlere wekilçilik edýän synçylar eýe bolup bilerler.

Hökümete degişli bolmadyk guramalaryň onlarça aktiwisti 30-njy maýda parlament binasynyň öňünde ýöriş geçirdiler we kanun çykaryjylaryň kanundan el çekmegini talap etdiler.

Kanuna garşy çykýanlar garaşsyz synçylaryň saýlaw komissiýalarynyň maslahatlaryna gatnaşmak we komissiýalaryň kararlary boýunça suda ýüzlenmek hukugyna eýe bolmalydygyny aýdýarlar.

Kanun çykaryjylaryň kanuny kabul etmegine we prezident Almazbek Atambaýewiň oňa gol çekjegine gartaşylýar.

Gyrgyzystanyň prezidentlik saýlawlary 15-nji oktýabrda geçiriler.

XS
SM
MD
LG