Sepleriň elýeterliligi

Meşhur gazak aktýory şertli tussaglyga höküm edildi


Tunghyşbaý Žamangulow suddan soň, Almaty, 1-nji iýun, 2017.

Gazagystanyň sudy meşhur aktýor we režissýor Tunghyşbaý Žamangulowy syýasy sebäpden gozgalan işiň esasynda maliýe gözboýagçylyk üçin günäli tapdy we şertli tussaglyga höküm etdi.

1-nji iýunda Amaty şäheriniň sudy Žamangulowyň film almak üçin niýetlenen döwlet býujetine degişli fonduň puluny “bisarpa we gözboýagçylykly” ulanmakda günälidigini aýdyp, ony 3 ýarym ýyl şertli tussaglyga, 3.4 million teňňe (10850 amerikan dollary) möçberinde jerimä höküm etdi we bäş ýylyň dowamynda döwlet guramalarynda wezipe eýelemegini gadagan etdi.

Žamangulow özüne ýöňkelen günäni ret edýär.

Ol 2-nji noýabrda tussag edilipdi we 223 müň amerikan dollary möçberinde puly hyýanatçylykly ulanmakda aýyplanypdy.

Žamangulow tussag edilmeginiň öňüsyrasynda eden çykyşynda ýurduň medeniýet ministri Arystanbek Muhamediulyny korrupsiýa baş goşmakda güman edipdi we ony seksual kemsitmelerde aýyplap çykyş eden ençeme zenana goldaw bildiripdi.

68 ýaşly aktýor Žamangulow 33 film bilen meşhurlyk gazandy.

XS
SM
MD
LG