Sepleriň elýeterliligi

Trampyň howanyň üýtgemegi boýunça ylalaşyk baradaky kararyna garaşylýar


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

Dünýä ýurtlary Trampyň howanyň üýtgemegi boýunça ylalaşyk baradaky kararyna garaşýar

Dünýä ýurtlarynyň hökümetleri ABŞ-ny howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça global şertnamasyndan daşlaşmazlyga çagyrdylar.

Prezident Donald Tramp ABŞ-nyň 2015-nji ýylda Parižde baglaşylan ylalaşykdan çykyp-çykmazlyk kararyny 1-nji iýunda mälim etjekdigini 31-nji maýda Tweeterde ýazypdy.

ABŞ-nyň media serişdeleri Waşingtondaky çeşmelerine salgylanyp, Trampyň 195 ýurt tarapyndan gol çekilen ylalaşykdan çykmagy karar etmegine garaşylýandygyny habar beripdi.

Bu karar ABŞ-nyň öz ýaranlary bilen gatnaşyklaryny ýene ýaramazlaşdyryp biler, şeýle-de ýurdy ylalaşyga gol çekmedik diňe iki döwletiň Nikaraguanyň we Siriýanyň hataryna goşulmagyna getirer.

Ýewropa ýurtlarynyň liderleri Trampy ylalaşykdan çykmazlyga ündemäge synanyşdylar, Orsýet we Hytaý garaşmak garaşmak pozisiýasyny eýelediler.

XS
SM
MD
LG